Soňky habarlar

Arhiw

«Exxon» kompaniýasynyň başlygy nebitiň bahasynyň gymmatlajakdygyny çaklaýar

23:0129.06.2022
0
874
«Exxon» kompaniýasynyň başlygy nebitiň bahasynyň gymmatlajakdygyny çaklaýar
Surat: energyconnects.com

Parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça nebiti we gazy başga energiýa çalyşmagyň ýerine olary gazyp almagy çäklendirmek ugrunda öň amala aşyrylan tagallalar geljekde-de ýangyjyň nyrhynyň gymmatlamagyna getirer.

Bu barada «Exxon Mobil Corp.» kompaniýasynyň başlygy Darren Wuds beýanat berdi diýip, «INTERFAX.RU» ýazýar.

«Exxon» ýewropaly bäsdeşlerinden tapawutlylykda howa taşlanýan galyndylary azaltmak we gazyp almagy çäklendirmek boýunça berk çärelere garşy çykyş edýär. Kompaniýa ilki çalşyp bolýan energetika boýunça tehnologiýalary ösdürmegiň möhümdigini nygtaýar, eger şeýdilmese, bu däp bolup gelýän energiýa göterijileriň bahasynyň gymmatlamagyna getirer.

Wuds şeýle-de häzirki döwürde öňküden az nebitgaz taslamalaryň amala aşyrylýandygyny, munuň sebäbiniň öndürijileriň öz önümlerine uzakmöhletleýin isleg babatda biynjalyk bolýandygy bilen baglydygyny nygtady. ABŞ-daky slanes ýataklarynyň indi öňküsi ýaly az önüm berýändigini, munuňam nyrhlaryň ýokarlanmagyna sebäp bolýandygyny ady tutulan amerikan kompaniýasynyň baştutany sözüniň üstüne goşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň