Walentina Matwiýenko Gurbanguly Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlady

23:1329.06.2022
0
4029

Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Russiýanyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysy Gurbanguly Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür we alyp barýan jogapkärli işinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistan bilen Russiýany köpasyrlyk taryhy we ynsanperwer gatnaşyklaryň baglanyşdyrýandygyny kanagatlanma bilen belledi. Häzirki döwürde hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we strategik hyzmatdaşlyk esaslaryna daýanýan türkmen-rus döwletara gatnaşyklary sazlaşykly ösdürilýär. Şunda özara ynanyşmak, deňhukuklylyk we açyklyk ýörelgelerine möhüm ähmiýet berilýär. Iki ýurduň arasyndaky syýasy gatnaşyklaryň esasynda halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň ýokary derejä we netijeli häsiýete eýedigi aýratyn bellenildi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda özara düşünişmek esasynda ýola goýulýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejä eýedigi bellenildi we onuň ähli ugurlar boýunça işjeň hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirildi. Söhbetdeşler birek-birege we iki ýurduň halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň