Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow Emomali Rahmon bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

23:0229.06.2022
0
3461
Gurbanguly Berdimuhamedow Emomali Rahmon bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
surat: president.tj

Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Dostlukly döwletiň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowy 65 ýaşynyň dolmagy bilen tüýs ýürekden gutlady we berk jan saglyk, bagt, rowaçlyk arzuw etdi.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy hoşniýetli sözler we gutlaglar üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanda Täjigistan bilen dostlukly gatnaşyklara aýratyn gadyr goýulýandygyny we ony pugtalandyrmak ugrunda zerur tagallalaryň edilýändigini belledi. Şeýle-de Prezident Emomali Rahmona berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri, Täjigistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuwlaryny beýan etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň