Gyrgyzystanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy 65 ýaşy bilen gutlady

22:5029.06.2022
0
3406

Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Söhbetdeşligiň başynda dostlukly döwletiň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowy 65 ýaşynyň dolmagy bilen gutlady hem-de bagt, rowaçlyk, ýurdumyzyň hem-de doganlyk türkmen halkynyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan döwlet we jemgyýetçilik işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Gyrgyzystan bilen birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berýändigini belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň