Soňky habarlar

Arhiw

Tokaýew Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýolunyň mümkinçiliklerini ýokary derejede peýdalanmagy teklip etdi

18:3829.06.2022
0
9207

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Aşgabatda geçirilýän VI Hazar sammitinde eden çykyşynyň dowamynda Demirgazyk — Günorta ulag-üstaşyr geçelgesiniň geljekde has ösdürilmegine üns çekdi diýip, Akorda.kz web saýty habar berýär.

Onuň bellemegine görä, adaty logistik zynjyrlarynyň bölünmeginiň şertlerinde ulaglaryň özara baglanyşygy durnukly ösüşi gazanmakda we Hazaryň «bäşligi» döwletleriniň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm şert bolup durýar.

«Ýewropanyň, Merkezi Aziýanyň we Hytaýyň arasynda tranzit akymlaryny üpjün etmekde Transkaspi halkara ulag geçelgesiniň orny ep-esli ýokarlandy. Şu ýylyň 5 aýynyň netijelerine görä, Gazagystanyň ýükleriniň gatnaw ugry boýunça daşalýan mukdary 2,5 esse artdy we Hazar ýurtlary bilen söwda dolanyşygy 9% -den gowrak ýokary netijä eýe boldy» – diýip, Gazagystanyň Prezidenti belledi.

Tokaýew şeýle hem deňiz arkaly ýük akymlarynyň mukdaryny artdyrmak üçin Gazagystanyň port infrastrukturasyny döwrebaplaşdyryp, deňiz flotuny giňeldip başlandygyny aýtdy.

«Bize möhüm guramaçylyk meselelerini bilelikde we tiz çözmek zerur bolup durýar. Şeýle-de Demirgazyk — Günorta ulag-üstaşyr geçelgesiniň mundan beýläk hem ösdürilmegine aýratyn üns berilmelidir. Munuň üçin Gündogar Aziýa bilen Pars aýlagynyň ýurtlarynyň arasyndaky iň gysga gatnaw ugry bolan Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýolunyň mümkinçiliklerinden ýokary derejede peýdalanmak mümkindir. Bu täze logistika çözgüdi 12 günüň dowamynda 6000 kilometr aralygy geçmäge mümkinçilik berýär» – diýip, gazak Lideri belledi.

Bu babatda ozal hem degişli gatnaw ugry boýunça Gazagystanyň Pawlodar şäherinden Tähran şäherine ilkinji ýük otlularynyň geçendigini habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň