Gruziýa bugdaýyň we arpanyň satuwyna bir ýyl gadaganlyk girizdi

17:3329.06.2022
0
1293

Gruziýanyň hökümeti 4-nji iýuldan başlap, içerki azyk howpsuzlygyny saklamak üçin bugdaýdyr arpanyň eksportuna bir ýyllyk gadaganlyk girizdi. Çäklendirme mekgejöwene degişli däl diýip, ýurduň GHN habarlar gullugy habar berdi diýip, «Belta.by» saýty ýazýar.

Daşky gurşawy goramak we oba hojalyk ministri Otar Şamugiýa gadaganlygyň 2023-nji ýylyň 4-nji iýulyna çenli dowam etjekdigini habar berdi, ol şeýle-de arpany esasy satyn alyjy döwletleriň Yrak we Eýrandygyny aýtdy.

Gruziýa dolulygyna bugdaýyň importyna garaşlydyr, ýurt özüni bu önüm bilen 15 göterim üpjün edip bilýär, galan bölegini Russiýadyr beýleki ýurtlardan satyn alýar. Öň ministr Şamugiýa golaý ýyllarda öndürilýän bugdaýy sarp edilýän möçberiň 50 göterimine ýetirmekçidiklerini habar beripdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň