Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan — Owganystan — Täjigistan demir ýolunyň täjik bölegi belli edildi

07:4901.04.2015
0
2882

Guralmagy göz öňünde tutulýan Türkmenistan — Owganystan — Täjigistan demir ýolunyň täjik bölegi belli edildi. Bu barada Respublikanyň Ulag ministrligine salgylanyp, Täjigistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri habar berýär.

Demir ýoluň täjik böleginiň uzynlygy 55 kilometre barabar bolar. Ol Kolhozabat etrabyndan Aşaky Pýanja, soňra bolsa Pýanj derýasynyň üsti bilen Owganystanyň Gunduz welaýatyna baryp ýeter.

Täjigistan Respublikasynyň ulag ministrliginde, şeýle hem indi bu demir ýol taslamasynyň owgan ugrunyň kesgitlenilmelidigini bellediler. Bu mesele üçtaraplaýyn esasda ara alnyp maslahatlaşylýar.

Aziýanyň Ösüş banky bu demir ýol gurluşygynyň esasy maýadary bolup durýar. Öň AÖB taslamanyň täjik we owgan bölekleriniň gurluşygyny maliýeleşdirmäge taýýardygyny mälim edipdi. Gurluşygyň türkmen bölegi bolsa Türkmenistanyň öz güýjüniň we serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar.

Türkmenistan — Owganystan — Täjigistan demir ýolunyň gurluşygynyň taslamasy boýunça Ylalaşyga 2013-nji ýylyň 20-nji martynda Aşgabatda, üç ýurduň Prezidentleriniň üçtaraplaýyn duşuşygynyň barşynda gol çekilipdi.   

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň