Türkmenistanyň we EYR-yň Prezidentleri hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny maslahatlaşdylar

15:5629.06.2022
0
5182
Türkmenistanyň we EYR-yň Prezidentleri hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny maslahatlaşdylar
Surat: TDH

Şu gün Aşgabatda geçýän VI Hazar sammitiniň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň arasynda duşuşyk geçirildi diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Duşuşykda Prezidentler döwletleriň arasynda dowam etdirilýän dostlukly gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýe bolup durýandygyny uly kanagatlanma bilen bellediler.

Däbe öwrülen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüş ugurlary we mümkinçilikleri barada bellemek bilen, taraplar özara bähbitli gatnaşyklary ähli ugurlar boýunça berkitmek we ösdürmek dogrusynda nygtadylar.

Gaz we elektroenergetika ulgamlary, ulag we aragatnaşyk, gurluşyk, oba hojalygy, syýahatçylyk we beýleki pudaklar döwletara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlenildi. Bu babatda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ýygjamlaşdyrmakda Hökümetara türkmen-eýran toparynyň işine uly ähmiýet berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň