Soňky habarlar

Arhiw

Hindistanyň Assam ştatynda sil joşmasy sebäpli 130 adam heläk boldy

15:4029.06.2022
0
1032

Hindistanyň Assam ştatynda sil we suw süýşgünleri sebäpli 130-dan gowrak adam heläk boldy, bu barada «Hindustan Times» gazeti habar berdi diýip, «Belta.by» saýty ýazýar.

Häzir ýagdaý gowulandy, soňky birnäçe gün bäri ygal ýagmasy azaldy diýip, gazet habar berýär. Emma Silçar şäheri iň köp ýitgi çeken etrap bolmagynda galýar. Sil suwlarynyň zolagynda 2,2 milliondan gowrak adam bar.

Silden we suw süýşgünlerinden 2 müňden gowrak oba zyýan çekdi, 200 müňden gowrak adam ýaşaýan ýerlerinden göçürildi. Halas ediş işleri dowam edýär, adamlara kömek edilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň