Ýewropada we Aziýada kömrüň bahasy rekord derejä çykdy

17:5028.06.2022
0
956
Ýewropada we Aziýada kömrüň bahasy rekord derejä çykdy
Surat: kapital.kz

Aziýanyň bazarynda kömrüň bahasy rekord görkezijilere ýetdi we ilkinji gezek bir tonna üçin 400 ABŞ dollaryndan hem gymmatlady. Bu barada TASS ýazýar.

Maglumatlara görä, Awstraliýanyň Nýukasl portunda kömür üçin spot nyrhlar geçen annada bir tonna üçin 402,5 amerikan dollaryna ýetdi. «Bloomberg» neşiri bu ýagdaýy ählumumy bazarda ýangyjyň ýetmezçiligi bilen baglanyşdyrýar.

Şol bir wagtda Ýewropa öňdäki iýulda eltiljek kömrüň bir tonnasynyň bahasy annada 421 dollara deň boldy, bu sebit üçin iň ýokary taryhy görkezijidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň