Soňky habarlar

Arhiw

Ärdogan: Adanada 1 milliard dollarlyk nebit gorlary tapyldy

13:1028.06.2022
0
693

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan ýurduň Adana diýen ýerinde umumy bahasy 1 milliard ABŞ dollaryna deň diýlip çaklanýan nebit gorlarynyň tapylandygyny we onuň oňat hillidigini habar berdi, bu barada «RIA Nowosti» habarlar gullugyna esaslanyp, «Belta.by» saýty ýazýar.

Ärdoganyň aýtmagyna görä, nebit iki sany skwažinada tapyldy, häzir ol ýerlerde barlag işleri alnyp barylýar. Türk hökümetiniň gazuw-agtaryş işlerine haçan rugsat bermekçidigi heniz belli däl.

Türk lideri şeýle-de ýurtdaky ýagdaýlara baha berip, raýatlary sabyrly bolmaga çagyrdy. Ol geljek baharda nyrhlaryň ep-esli arzanlajakdygyny söz berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň