Soňky habarlar

Arhiw

Dmitriý Korž: «Az bolup oýnap hem 100 göterimlik netije gazandyk»

16:0528.06.2022
0
5017

«Köpetdagyň» tälimçisi Dmitriý Korž AFK-nyň kubogynda Bişkegiň «Dordoýy» bilen geçirilen duşuşykdan soň pikirlerini paýlaşdy:

― Kyn oýunda ýeňiş gazanandygymyza juda begenýärin. Ähli ýigitlere sagbolsun aýdýaryn. Eýýäm üçünji minutdan başlap, meýdanda bir adamymyz az bolup oýnadyk. Muňa garamazdan, futbolçylarymyz berlen görkezmeleri anyk ýerine ýetirip, netije almagy başardylar.

Ýigitlerimiziň aglabasy ilkinji gezek halkara tejribesini gazanýar. Olaryň käbiri Türkmenistanyň çäginden ilkinji gezek çykyp gördüler. Muňa garamazdan, orta goýlan oýun diýseň gowy boldy. Pursat döredimi, ondan 100 göterim peýdalandyk.

«Köpetdag» AFK-nyň kubogyndaky duşuşyklaryny Gyrgyzystanda geçirip, ikinji duşuşygynda ýerli «Dordoýy» 1:0 hasabynda ýeňdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň