Soňky habarlar

Arhiw

Raisi 29-njy iýunda Aşgabada geler

21:5727.06.2022
0
3362
Raisi 29-njy iýunda Aşgabada geler
surat: IRNA

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň çakylygy bilen 29-njy iýunda Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi VI Hazar sammitine gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine geler. Bu barada IRNA habar berýär.

Eýranyň Prezidenti sapar wagtynda sammite gatnaşmak üçin gelen döwlet Baştutanlary bilen ikiçäk duşuşyklary geçirer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň