Soňky habarlar

Arhiw

Şwarseneggeriň öňki aýaly kazyýetiň üsti bilen onuň emläginiň ýarysyny alar

17:5827.06.2022
0
1806

Aktýor Arnold Şwarseneggeriň öňki aýaly Mariýa Şraýwer nika bozmak netijesinde, onuň emläginiň ýarysyny alar, bu barada «US Weekly» portaly ýazýar.

Kazyýetiň çykaran hökümine laýyklykda, Şwarsenegger indi aýalyna 1986-2011-nji ýyllarda gazanan girdejisiniň, şeýle-de pensiýasynyň ýarpy bölegini bermeli bolar. Şunda 25 ýylda artistiň gazanan girdejisiniň möçberi görkezilmeýär.

Ýeri gelende aýtsak, Arnold Şwarsenegger teležurnalist Mariýa Şraýwer bilen 1986-njy ýylda maşgala gurupdy, olaryň dört çagasy dünýä indi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň