Soňky habarlar

Arhiw

Dünýäde söwda dolanyşygy apreliň jemi boýunça pese gaçdy

15:2527.06.2022
0
839
Dünýäde söwda dolanyşygy apreliň jemi boýunça pese gaçdy
Surat: openglobalcommerce.com

Ählumumy söwda dolanyşygy şu ýylyň aprelinde martdakydan ep-esli pese gaçdy, muňa Hytaýda girizilen çäklendirmeler, sarp ediş isleginiň gowşamagy we Ukrainadaky ýagdaýlar sebäp boldy. Bu barada «INTERFAX.RU» ýazýar.

Şunlukda «The Wall Street Journal» neşiriniň ýazmagyna görä, dünýä söwda dolanyşygynyň görkezijisi 2,1 göterim pese gaçdy, martda bu görkeziji 0,4 göterime deň boldy.

Ukrain-rus gapma-garşylygy esasy harytlaryň daşalyşynyň bozulmagyna getirdi, şeýle-de Hytaýda koronawirusa garşy göreş çäklerinde girizilen çäklendirmeler ýurduň sebitleriniň birgideninde kärhanalaryň işiniň togtadylmagyna sebäp boldy. Şeýle-de gapma-garşylyklar netijesinde işçi-hünärmenleriň ýetmezçiligi döredi: 2021-nji ýylda dünýäde ýük gämileriniň ekipažynyň 15 göterime golaýy ruslardan ýa-da ukrainlerdern ybaratdy diýip, WSJ belleýär.

Ykdysady Hyzmatdaşlyk we Ösüş Guramasy şu iýun aýynda çaklama çap etdi, onda söwda akymlarynyň 5 göterim ösjekdigi çaklanýar, bu geçen ýylda hasaba alnan ösüş depgininden iki esse azdyr.

«WSJ» neşiri deslapky görkezijisini hasaplamak üçin dünýäniň sekiz döwletinden maglumatlary peýdalandy, umumylykda bu ýurtlara geçen 2021-nji ýylda Bütindünýä Söwda Guramasynyň maglumatlaryna görä, harytlaryň dünýä eksportunyň 39,1 göterimi degişli boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň