Arhiw

Islam Karimow Özbegistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda ýeňiş gazandy

19:5430.03.2015
0
3098

Özbegistanyň häzirki baştutany Islam Karimow respublikada geçen ýekşenbede bolan Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazandy. Bu barada Özbegistanyň Merkezi saýlaw topary habar berdi. Oňa saýlawlara gatnaşanlaryň 17,2 milliony ýa-da 90,39 göterimini öz seslerini berdi.

“Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň saýlawlary hakyndaky” kanunyň 35-nji bölegine laýyklykda, ony saýlanan döwlet Baştutany hasaplamak bolar” diýip, ýurduň Merkezi saýlaw toparynyň başlygy Mirza-Ulugbek Abdusalamow žurnalistlere beýanatynda aýtdy.

Saýlawlara Özbegistanyň ses bermäge ygtyýarly saýlawçylarynyň 90 göterimi gatnaşdy.

77 ýaşly Islam Karimow Özbegistana 1989-njy ýyldan bäri ýolbaşçylyk edip gelýär. 2007-nji ýylda geçirilen öňki Prezident saýlawlarynda ol saýlawçylaryň 88 göterim sesini alypdy.

Özbegistanyň Prezidenti bäş ýyllyk möhlete saýlanýar. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň