Soňky habarlar

Arhiw

Domodedowo halkara howa menzili Türkmenistana uçuşlaryň tertibini mälim etdi

15:2025.06.2022
1
37553

M.W.Lomonosow adyndaky Domodedowo halkara howa menzili resmi web-sahypasynda Türkmenistana amala aşyryljak uçuşlaryň tertibini çap etdi. Uçuşlar 2022-nji ýylyň 5-nji iýulyndan başlar.

Moskwa — Türkmenbaşy ugry boýunça howa gatnawy boýunça «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň uçarlary Domodedowo halkara howa menziliniň 1-nji terminalyndan sişenbe we penşenbe günleri uçar.

T5 704 belgili uçar gatnawy sişenbe gün 22:45-de Moskwadan Türkmenbaşy şäherine tarap ýola düşer we çarşenbe güni 04:05-de (Aşgabat wagty bilen) Türkmenbaşy halkara howa menziline gonar.

Penşenbe güni T5 702 belgili uçar gatnawt 10:55-de Moskwadan Türkmenbaşy şäherine tarap ýola düşer we Aşgabat wagty bilen 16:15-de Türkmenbaşynyň halkara howa menziline gonar.

Belläp geçsek, Aşgabat — Moskwa ugry boýunça howa gatnawy her hepdäniň sişenbe güni Aşgabat wagty bilen 19:25-de, penşenbe güni bolsa Aşgabat wagty bilen 07:35-de Aşgabatdan Moskwa şäherine tarap ýola düşer.

Goşmaça maglumatlary almak üçin Domodedowo halkara howa menziliniň şu görkezilen telefon belgisine jaň edip bilersiňiz: +74959336666.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň