Soňky habarlar

Arhiw

Berdimuhamedow: «Türkmenistan Hazar deňzi boýunça ileri tutulýan meseleleri çözmäge saldamly goşant goşýar»

12:2325.06.2022
0
14861

24-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda Mi­nistr­ler Kabine­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry, da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri R.Me­re­dow Aş­ga­bat­da 29-njy iýunda ge­çi­ril­me­gi meýil­leş­di­ri­len Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­riň Baş­tu­tan­la­ry­nyň VI sam­mi­ti­ne gö­rül­ýän taýýarlyk ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­ň garamagy­na de­giş­li mak­sat­na­ma hö­dür­le­nil­di.

Nyg­ta­ly­şy ýa­ly, Aş­ga­bat sam­mi­ti­niň gün ter­ti­bi­ne ile­ri tu­tul­ýan ugur­lar­da ne­ti­je­li döwleta­ra hyzmatdaşlygy mun­dan beý­läk-de ös­dür­mä­ge de­giş­li me­se­le­le­riň top­lu­my giri­zi­ler. Şeý­le hem fo­ru­myň çäk­le­rin­de bir­nä­çe iki­ta­rap­la­ýyn du­şu­şyk­la­ryň ge­çi­ril­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýär. 28-nji iýun­da ge­çi­ril­jek Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­riň da­şa­ry iş­ler ministrleriniň mej­li­si hem sam­mi­te gö­rül­ýän taý­ýar­lyk me­se­le­le­ri­ne ba­gyş­la­nar.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti Ser­dar Berdimuhamedow ha­sa­ba­ty diň­läp, goň­şy döw­let­ler bi­len däp bo­lan dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ryň ös­dü­ril­me­gi­niň Türkmenistanyň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri­di­gi­ni nyg­ta­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­ hö­dür­le­nen mak­sat­na­ma­ny makul­lap, VI Ha­zar sam­mi­ti­niň mö­hüm­di­gi­ne ün­si çek­di hem-de Türk­me­nis­ta­nyň Ha­zar deň­zi bo­ýun­ça ile­ri tu­tul­ýan me­se­le­le­ri çöz­mä­ge sal­dam­ly go­şant goş­ýan­dy­gy­ny bel­le­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­t öňde duran möhüm wezipeler ba­ra­da aýt­mak bi­len, wi­se-prem­ýe­re, da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri­ne döw­le­ta­ra hyz­mat­daş­ly­ga tä­ze iter­gi ber­jek Aş­ga­bat sam­mi­ti­niň ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­si­ni üp­jün et­me­gi hem-de be­lent mer­te­be­li myh­man­la­ryň halky­my­zyň myh­man­sö­ýer­lik däp­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da gar­şy alyn­ma­gy­ny tab­şyr­dy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň