Soňky habarlar

Arhiw

Putin: Russiýa dünýä bazaryna 50 million tonna däne eltip biler

12:1825.06.2022
0
773
Putin: Russiýa dünýä bazaryna 50 million tonna däne eltip biler
Surat: akchabar.kg

Rus lideri Wladimir Putin öz ýurdunyň dänäni eksport etmek baradaky meýilnamalary bilen tanyşdyrdy. Ol RF-niň dünýä bazarlaryna 50 million tonna çenli bugdaýy eltip biljekdigini nygtady diýip, «RIA Nowosti» ýazýar.

Putiniň sözlerine görä, bu ýyl Russiýa däne ekinleriniň oňat hasylyna garaşýar, bu bolsa agzalan möçberlerde dänäni eksport etmäge mümkinçilik berer.

Russiýanyň döwlet Baştutany şeýle-de öz ýurdunyň bazarlara diňe däne däl, beýleki oba hojalyk önümlerini hem eltmäge taýýardygyny sözüniň üstüne goşdy. Emma Russiýa döwleti bilen söwda etmegiň şertleri häzirki wagtda kynlaşdy, şol sanda ýurt ulag ätiýaçlandyrylmasy we bank geçirimleri babatda kynçylyk çekýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň