Soňky habarlar

Arhiw

«Daşoguz» topary futbol boýunça Daşoguz welaýatynyň kubogyna mynasyp boldy

11:4925.06.2022
0
4221
«Daşoguz» topary futbol boýunça Daşoguz welaýatynyň kubogyna mynasyp boldy
Surat: «Türkmenistan: Altyn asyr»

«Daşoguz» futbol topary futbol boýunça Daşoguz welaýatynyň kubogyny almak ugrundaky ýaryşyň ýeňijisi bolup, arzyly kuboga mynasyp bolmagy başardy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» web-saýtynda habar berilýär.

Futbol boýunça Daşoguz welaýatynyň kubogyny almak ugrundaky ýaryş jemi alty toparyň gatnaşmagynda geçirildi. Olarda: «Turan», «Daşoguz», «Almaz» (toparlaryň üçüsi hem Daşoguz şäheriniň toparlary), welaýatyň Akdepe etrabyndan «Akdepe», S.A.Nyýazow adyndaky etrapdan «Nowbahar» we Ruhubelent etrabyndan «Ruhubelent» toparlary bar.

Kubok ugrundaky ýaryşyň bäş tapgyrynyň netijesi boýunça «Daşoguz» bilen «Turan» toparlary deňme-deň utuk gazandylar (toparlaryň hersine 13 utuk bar). Şeýle-de bolsa, derwezä geçirilen hem-de goýberilen pökgi sanlarynyň iň oňat tapawudy boýunça Kubok «Daşoguza» nesip etdi. Daşoguz welaýatynyň Sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň esasy sport mekdebiniň toparyny bu üstünlige baş tälimçi Aýbeg Sapaýew getirdi.

Üçünji orun üçin üç topar – «Ruhubelent, «Almaz» we «Nowbahar» bäsleşdiler. Olaryň hersi 6 utuk toplady. Emma, goşmaça görkezijiler boýunça üçünji orna «Ruhubelent» mynasyp boldy.

«Daşoguzyň» merkezi goragçysy 19 ýaşly Jasur Annamyradow ýaryşyň «Iň gowy oýunçysy» diýlip yglan edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň