Daşoguz welaýatynda täze maldarçylyk hojalygy işe giriziler

11:0525.06.2022
0
5062
Daşoguz welaýatynda täze maldarçylyk hojalygy işe giriziler

Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň «Jeýhun» geňeşliginiň çäginde täze maldarçylyk hojalygyny işe girizmek üçin taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

«Türkmenistan: Altyn asyr» web saýtynyň habar bermegine görä, täze maldarçylyk hojalygynda 200 baş gara mal saklamaga ähli mümkinçilik bar. Maldarçylyk hojalygy telekeçi Arslan Çowdurowa degişlidir.

Telekeçiniň bellemegine görä, maldarçylyk hojalygynda ýylda azyndan 100 tonnadan gowrak süýt almak meýilleşdirilýär.

Telekeçi döwlet tarapyndan haryt öndürijä 99 ýyl möhlet bilen ulanylyşa berlen ýerde gurlupdyr. Hojalygyň umumy meýdany 3 gektardyr. Onda edara binalary, mal saklamak üçin iki sany gyş we bir tomus jaýy, iým ammary, mal lukmançylygy bölüminiň we enjam bejerme jaýy, önümi satmak üçin dükan, şeýle hem önümçilik hem tehniki maksatly beýleki zerur desgalar gurlupdyr. Hojalygyň ygtyýarynda döwrebap yşyklandyryş enjamlary we ýelejiretme ulgamy-da bar.

Önümçiligiň netijeliliginiň esasy faktorlarynyň biri-de öz iým ätiýajyň bolmagydyr. Ony döretmek üçin, döwlet hususy telekeçä ýüz gektar ýer bölüp beripdir, onuň aglaba bölegine eýýäm mekgejöwen ekilipdir.

Geljekde telekeçi hojalykda et önümleriniň öndürilişini-de ýola goýmakçy, munuň üçin ol häzir aýratyn jaý taýýarlaýar. Şol bir wagtyň özünde täze desganyň çäkleriniň abadanlaşdyryş işleri-de alnyp barylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň