Türkmenistanly aktrisa meşhur «Kurulyş: Osman» serialynda surata düşýär

20:0324.06.2022
0
125342
Türkmenistanly aktrisa meşhur «Kurulyş: Osman» serialynda surata düşýär

Ýakynda biz garyşyk söweş stiliniň türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradowyň meşhur «Kurulyş: Osman» serialynda surata düşendigini habar beripdik. Görlüp oturylsa, ol köp serialy filmde surata düşen ilkinji türkmenistanly däl eken.

Serialyň iň owadan aktrisalarynyň biri bolan Gözel Rowşanowa hem türkmenistanly bolup çykdy diýip, Atavatan Turkmenistan neşiri habar berdi.

Gözel serialyň ikinji möwsüminden bäri surata düşýär. Ol serialda baş gahrymanyň aýaly Malhun Hatunyň kömekçisi Alaja Hatunyň keşbini janlandyrýar.

Gözel Rowşanowa 26 ýaşynda. Ol Aýdyn Stambul uniwersitetiniň şekillendiriş sungaty fakultetini tamamlady. Häzirki wagtda bolsa şol uniwersitetde aspiranturada okaýar. Alaja Hatun onuň ilkinji roly.

Gözeliň gürrüň bermegine görä, bu keşp onuň üçin gyzykly tejribe boldy. Toparyň tagallalary we goldawy bilen ol bu keşbe tiz alşyp gitdi.

«Kurulyş: Osman» — prodýuser Mehmet Bozdag tarapyndan döredilen türk taryhy başdan geçirme serialy, «Diriliş Ärtogrul» serialynyň dowamy. Häzirki wagtda serialyň üçünji möwsümi tamamlandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň