Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda «Flutter» tehnologiýasy boýunça ykjam goşundy işläp taýýarlaýjylaryň onlaýn duşuşygy geçiriler

15:2124.06.2022
0
9486

Aşgabatda 26-njy iýunda sagat 15:00-da «Biziň ýazan ykjam goşundylarymyz» diýen mowzukda Android hem-de iOS operasion ulgamlary üçin ykjam goşundylary işläp taýýarlaýjylaryň gatnaşmagynda onlaýn-maslahat geçiriler.

Duşuşyk «Flutter Ashgabat» jemgyýeti tarapyndan guralar. Çäräniň maksatnamasynda Aşgabadyň bu jemgyýetiniň programmistleri tarapyndan işlenip taýýarlanan programmalaryň işlenip düzüliş tejribesi, olaryň bu işlerinde ýüze çykan kynçylyklar we olary çözmegiň usullary ara alnyp maslahatlaşylar.

Bu çäräni guraýjylar programma üpjünçiligi babatda peýdaly maglumatlary we tejribeleri paýlaşarlar. Onlaýn maslahata «Flutter» işläp taýýarlamasy bilen gyzyklanýan islendik adam gatnaşyp biler.

Duşuşyk şu görkezilen salgyda ýerleşýän «Turkmenportal» habarlar portalynyň ofisinde geçiriler: Aşgabat ş., Bitarap Türkmenistan şaýoly, 21-nji jaý («Kärizli» binasynyň 3-nji gaty).

«Flutter Ashgabat» jemgyýeti baradaky has giňişleýin maglumatlar bilen Telegram we Meetup.com sosial aragatnaşyk ulgamlaryndan tanşyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň