Awstriýa koronawirusa garşy hökmany sanjymlary bes edýär

14:4124.06.2022
0
4682
Awstriýa koronawirusa garşy hökmany sanjymlary bes edýär
Surat: profile.ru

Awstriýanyň Hökümeti raýatlarynyň koronawirus sanjymlaryny hökmany almak ýagdaýyny bes edýär. Bu teklip babatda ýurduň saglygy goraýyş ministri Ýohannes Rauh köpçülikleýin eden çykyşynda belledi.

Ministriň bellemegine görä, bu çäklendirme awstriýa jemgyýetinde uly nägilelikleri döredipdir. Rauh Hökümetiň koronawirus pandemiýasyna garşy alyp barýan syýasatynyň diňe käbir raýatlara sanjym edilmeginiň öňüni alýandygyny belledi.

Mir24 web saýtynyň habar berşi ýaly, täze çözgüdiň kabul edilmegine ozalky keselden görnetin ýeňil geçýän omikron ýokanjynyň ýüze çykmagy hem täsirini ýetiripdir. Awstriýada 18 ýaşdan uly raýatlaryň COVID-19-a garşy hökmany sanjym almagyny kesgitleýän Kanun 5-nji fewralda güýje girdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň