Türkmenistanly okuwçylaryň informatika boýunça ders bäsleşiginiň döwlet tapgyry geçirildi

05:0130.03.2015
0
28115

27-28-nji martda Aşgabadyň 90-njy orta mekdebinde her ýyl geçirilýän «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly informatika boýunça ders bäsleşiginiň döwlet tapgyry geçirildi. Bu bäsleşige ýurdumyzyň adaty orta we ýöriteleşdirilen orta mekdeplerinden, welaýat we şäher tapgyrlarynda ýeňiji bolan okuwçylaryň jemi 82-si gatnaşdy.

«Altyn asyryň altyn zehinleri» atly informatika boýunça ders bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda okuwçylar 4 topara, ýagny synp we mekdep aýratynlyklaryna bagly bölünip ýaryşy dowam etdirdiler. Olar bäsleşigiň dowamynda kompýuterde amala aşyrylýan dürli kamandalary ýerine ýetirip, çylşyrymly programmalarynda maksatnamalaýyn köpugurly meseleleri çözdüler.

Ders bäsleşiginiň döwlet tapgyryna gatnaşan 82 okuwçynyň 25-si öňdäki orunlary eýeläp, Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan gowşurylan minnetdarlyk hatlaryna we gymmat bahaly sowgatlara mynasyp boldular. Bäsleşigiň dowamynda tapawutlanan okuwçylara hem höweslendiriji sowgatlar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň