Aşgabatda Türkmenistanyň ýaşlarynyň öňünde duran wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy

14:3029.03.2015
0
3488

Paýtagtyň “Mekan” köşgünde “Arkadagyň ak ýolunda öňe barýar bagtly ýaşlar” atly maslahat boldy. Oňa ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan 800-den gowrak wekil gatnaşdy.

Maslahatyň işine milli parlamentiň deputatlary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, düzümleriň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyplar we orta mekdepleriň okuwçylary gatnaşdylar.

Döwlet Maksatnamasy, ony amala aşyrmak boýunça öňde goýlan wezipeler, Türkmenistanyň ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmekde täze kabul edilen resminamanyň ähmiýeti baradaky mesele maslahatyň gün tertibiniň esasyny düzdi. Talyplar, harby gullukçylar, daýhanlar, alymlar we maslahata gatnaşan beýleki wekiller degişli meseleler boýunça çykyş etdiler.

Çykyş edenler ýaş nesil baradaky aladanyň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýöredilýän döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýandygyny bellediler. Ýurdumyzda ýaşlaryň ruhy we beden taýdan ösüşi, ýaşlaryň hemmetaraplaýyn bilimli bolmagy, döredijilikli zähmet çekmegi, ýaş maşgalalaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak üçin ähli zerur çäreler durmuşa geçirilýär.

Duşuşygyň barşynda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň esasy wezipesini berjaý etmekde onuň işiniň netijeliligini artdyrmak bilen bagly meseleler giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahata gatnaşyjylar guramanyň işiniň täze görnüşleri we usullary, ýaşlara elmydama öz bilimlerini artdyrmaga, sowatly bolmaga çalyşmaga endik etdirilmegi barada aýdyp, munuň jemgyýeti ösdürmegiň esasy ugurlarynyň hem-de halkymyzyň ykbalyny we geljegini kesgitleýän möhüm şertleriň biri bolup durýandygyny bellediler. Şunuň bilen birlikde, ýaşlary ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylan köpçülikleýin sport hereketine mundan beýläk-de uýgunlaşdyrmak, ýaş nesilde sagdyn durmuş ýörelgelerini, ruhy-ahlak gymmatlyklaryny kemala getirmek bilen bagly ugur boýunça geçirilýän we meýilleşdirilýän işler barada gürrüň edildi.

Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýaşlaryň maslahatyna gatnaşyjylara Ýüzlenmesini aýratyn üns berip diňlediler. Döwlet Baştutany ýaşlara ýüzlenmek bilen, belent maksatlara ýetmek üçin döwletimiziň we halkymyzyň ýaş nesle uly umyt bildirýändigini belledi.

Maslahata gatnaşyjylar milletiň Liderine hoşallyk hatynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzyň ýaşlary barada aýratyn alada edýändigi üçin çuňňur hoşallyk bildirip, döredijilikli gözlegleriň, netijeli çözgütleriň we täzeçe çemeleşmeleriň häzirki ýaş nesliň wekilleriniň işiniň esasy ýörelgelerine öwrüljekdigine ynandyrdylar.

Maslahat tamamlanandan soň, “Mekan” köşgünde medeniýet we sungat işgärleriniň gatnaşmagynda uly baýramçylyk konserti boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň