Aşgabatda Malaýziýanyň iň gowy uniwersitetlerine okuwa girmegiň mümkinçilikleri hakynda onlaýn maslahat geçiriler

14:1523.06.2022
0
10653
Aşgabatda Malaýziýanyň iň gowy uniwersitetlerine okuwa girmegiň mümkinçilikleri hakynda onlaýn maslahat geçiriler

25-nji iýunda Malaýziýanyň «SoPandai» kompaniýasynyň wekilleriniň Malaýziýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy bilen bilelikde gurnamagynda onlaýn maslahat geçiriler. Onda Malaýziýanyň iň gowy uniwersitetlerine okuwa girmegiň mümkinçilikleri gürrüň beriler.

Web görnüşdäki maslahatda Malaýziýanyň ýokary okuw mekdeplerinde Beýik Britaniýanyň, ABŞ-niň, Awstraliýanyň we Kanadanyň goşa diplomlaryny almak boýunçä ädilmeli ädimler hakynda aýdylar. «SoPandai» hünärmenler topary okuwa girmek boýunça ähli guramaçylyk meselelerinde: okuw kursuny saýlamakdan başlap, okuwa girmek we Malaýziýa ýerleşmezden ozal wiza üçin arza bermäge çenli hemaýat bermäge taýýardyr. Aşgabatda we Kuala-Lumpurda ýerleşýän iş merkezleri okuw döwrüniň tutuş dowamynda ýakyndan ýardam bererler.

Onlaýn maslahatda Malaýziýanyň şu aşakdaky ýokary okuw mekdepleri tanyşdyrylar:

  • Taylor's University Malaysia;
  • Sunway University Malaysia;
  • University Technologies Petronas;
  • University Tenaga Nasional;
  • Albukhary International University Malaysia.

Orunlaryň sany çäklidir, web görnüşdäki maslahata ýazylmak üçin +99361427519 telefon belgä ýüz tutup bilersiňiz.

Onlaýn maslahat «Iş nokady» hyzmatdaşlyk merkezinde sagat 10:00-dan 18:00-a çenli geçiriler.

Merkeziň salgysy: Aşgabat şäheri, «Berkarar» işewürlik merkezi, 10-njy gat, J1 bölümi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň