«Eni Turkmenistan Limited» kompaniýasy «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetinde Burun käninde (Balkanabat ş.) buraw ussasynyň wezipesine wagtlaýyn boş iş ornuny bildiriş etdi.
Bu wezipä dalaşgärler şu talaplara laýyk gelmeli:
- Ýokary tehniki ýa-da ýörite orta tehniki bilim;
- Nebitgaz ulgamynda guýulary ulanmakda 10 ýyldan gowrak halkara iş tejribesi, şol sanda 3 ýyldan az bolmadyk möhletde buraw desgasynyň ýolbaşçysy (ýa-da şu derejedäki wezipede) bolup işlemeli, esasan, ýerüsti şertlerinde bolmaly. Kuwwatlylygy 3000 l.s. bolan ýerüsti buraw desgasynda we däp bolan ýa-da kibernetiki buraw toplumynda iş tejribesi;
- Hereket edýän IWCF/IADC şahadatnamasy;
- Iňlis we rus dillerinde erkin ýazuw hem-de gepleşik başarnyklary, iňlis dilinde dilüsti prezentasiýa we ýazuw aragatnaşygynda ýokary başarnyklar bolmaly. Türkmen dilini bilmeklik hem oňyn garşylanylýar.
- Kompýutere we ofis bukjasyna oňat erk etmeklik, şahsy kompýuteriniň bolmagy we tekst redaktory hem-de elektron jedweller bilen işlemeklik oňyn garşylanylýar.
Anketalary «Eni Turkmenistan Limited» kompaniýasynyň Aşgabatdaky edarasyndan alyp bolar: Türkmenistan, Aşgabat, Arçabil şaýoly, 41.
Doldurylan anketalar bildiriş neşir edilenden soňky 10 günüň içinde kompaniýa gowşurylýar ýa-da jobs@eni.tm elektron poçtasyna iberilýär. Elektron poçta arkaly anketa iberilende anketa doldurylýan ýere familiýa, at, atasynyň ady we wezipesi ýazylmaly.
Kompaniýanyň bellemegine görä, talaplara has laýyk gelýän dalaşgärler gürrüňdeşlige çagyrylar.