Aşgabatda migrasiýa maglumatlaryny ýygnamak we derňemek boýunça seminar geçirildi

15:4822.06.2022
0
8956

Aşgabatdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň (IOM) Türkmenistandaky wekilhanasynyň guramagynda «Migrasiýa babatda milli strategiýalary işläp düzmegiň öňdebaryjy tejribeleri» atly sebitleýin okuw maslahaty geçirildi. Bu maslahat gibrid görnüşinde geçirildi.

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň resmi web-saýtynda habar berlişi ýaly, maslahata türkmen tarapyndan degişli döwlet edaralary bilen birlikde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri hem gatnaşdylar.

Sebitleýin maslahatda migrasiýa bilen bagly maglumatlar we görkezijiler bilen işlemek hem-de Migrasiýa boýunça Ählumumy Ylalaşygy amala aşyrmak boýunça milli hünärmenleriň tejribesi we maglumatlary seljermegiň halkara usullary bilen tanşyldy. Şeýle hem migrasiýa hereketi barada maglumatlary ýygnamagyň gurallary we migrasiýa syýasatynda durmuşa geçirilişi barada pikir alşyldy.

Maslahatyň ahyrynda, oňa gatnaşyjylar abraýly halkara guramalary bilen özara gatnaşyklary giňeltmekde we işiň öňdebaryjy tejribelerini öwrenmekde halkara maslahatlary yzygiderli geçirmegiň ähmiýetiniň uludygyny bellediler.

Şeýle-de, okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň