Maýaminiň howa menzilinde uçar ýandy

12:1622.06.2022
0
1299
Maýaminiň howa menzilinde uçar ýandy
Surat: thesun.co.uk

ABŞ-nyň Maýami şäheriniň howa menzilinde uçar ýandy we üç adam ejir çekdi diýip, «Associated Press» habar berdi.

Habara görä, uçar Santa-Domingodan geldi, onuň bortunda 126 ýolagçy bardy. Howa gämisi gonandan soňra ot aldy. Heläkçilige uçar gonanda şassiniň hatardan çykmagy sebäp boldy.

Üç ýolagçy hassahana eltildi, beýleki ýolagçylara lukmançylyk kömegi gerek bolmady. Bu barada MIR24 ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň