Malaýziýanyň Premýer-ministri Türkmenistanyň Prezidentini diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

09:2122.06.2022
0
5339

Malaýziýanyň Premýer-ministri Ismail Sabri Ýakob Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy we türkmen halkyny ýurtlaryň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bilen gutlady.

«Malaýziýa bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize hem-de Türkmenistanyň halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy ibermek meniň üçin uly hormatdyr.

Geçen ýyllaryň dowamynda biziň doganlyk ýurtlarymyzyň halklarynyň bähbitlerine doly laýyk gelýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň yzygiderli çuňlaşdyrylýandygynyň şaýady bolduk.

Pursatdan peýdalanyp, Malaýziýanyň bilelikdäki hyzmatdaşlygyň bar bolan ägirt uly mümkinçilikleriniň amala aşyrylmagyna ýardam berýän döwletara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de giňeldilmegine taýýardygyny tassyklaýaryn.

Siziň Alyhezretiňiz, Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!» diýip, Malaýziýanyň Premýer-ministri gutlag hatynda belleýär. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.

Belläp geçsek, Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji 17-nji maýynda ýola goýuldy.

Şeýle-de, okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň