Soňky habarlar

Arhiw

BSGG-nyň ýolbaşçysy: adamzat täze pandemiýalara taýyn däl

14:3121.06.2022
0
1409
BSGG-nyň ýolbaşçysy: adamzat täze pandemiýalara taýyn däl
Surat: molbuk.ua

Dünýä täze pandemiýalaryň ýüze çykmagyna taýýar däl. Bu barada Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň başlygy Tedros Adanom Gebreýesus beýanat berdi diýip, «RIA Nowosti» ýazýar.

Gebreýesus adamzat koronawirus ýokanjynyň beren sapagyna çynlakaý garamalydyr. Ol şeýle-de häzir dünýäniň COVID-19 pandemiýasynyň orta gürpündedigini we täze ýokanç ýüze çykaýsa oňa garşy göreşmäge taýýar däldigini sözüniň üstüne goşdy.

BSGG-niň başlygy heniz hem koronawirus ýokanjyna garşy göreşmek bilen bagly maslahatlaryň berjaý edilmeginiň wajypdygyny nygtady. Bu çäreleriň işjeň we derhal ýerine ýetirilmegi indiki pandemiýanyň öňüni almaga kömek eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň