«Awaza» söwda merkezi syýahatçylara nämeleri hödürleýär

10:0721.06.2022
0
10311

Häzirki wagtda alyjylaryň endigine diňe bir gündelik zerur bolan harytlaryň söwdasyny etmek däl-de, eýsem, dynç alyş üçin gerekli zatlary satyn almak hem girýär. Türkmenistanyň dynç almak üçin iň bir köp barylýan ýeri bolan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän adybir «Awaza» söwda merkezi bu ýere gelýänler üçin dürli görnüşli harytlary hödürleýär.

Söwda merkezi dynç alyş zolagyna gelýänleriň dynç alýan ýerlerine örän ýakyn ýerleşendir. Söwda merkeziniň ikinji gatynda bilýard oýnalýan ýer hem-de çagalaryň oýun oýnaýan ýeri, üçünji gatda bolsa kafe we restoran bar.
«Awaza» söwda merkezi dynç alyş bilen gyzyklanmalary sazlaşykly utgaşdyrmak üçin örän oňaýly ýerdir. Bu ýerde dükanlardan söwda etmek bilen, dürli hili güýmenje oýunlar bilen meşgullanyp, bilýard oýnap we kafelerde dynç alyp bolýar, şeýle-de çagalaryň gyzykly dynç almagy üçin niýetlenen ýerler syýahatçylygyň mümkinçiliklerini has-da artdyrýar.

Dynç alşyny has täsirli geçirmek isleýänler üçin bu ýerde kärendesine berilýän welosipedler bolup, olary syýahatçylyk zolagynyň çäginde aýlanmak üçin alyp bolýar. Olaryň kärendesi üçin tölegi 20 manata deňdir.

«Awaza» söwda merkezinde ýerleşýän dükanlardan azyk önümlerini, kosmetika we gündelik himiýa serişdelerini, deňizde dynç almak üçin niýetlenen harytlary (pökgüler, çişirilýän aýlawlar we oýunjaklar, suwa düşmek üçin geýimler, gün şöhlesinden goraýan äýnekler we ş.m), dokma we haly önümlerini satyn almak bolýar. Bulardan başga-da, söwda merkeziniň web saýtyndan gerek bolan dürli hili harydy saýlap, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň çäginde islendik ýere sargyt edip bolýar.

«Awaza» söwda merkezi her gün sagat 8:00-dan 23:00-a çenli açykdyr.

Şeýlede okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň