Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň CNPC kompaniýasynyň prezidentini kabul etdi

21:4920.06.2022
0
6658
Türkmenistanyň Prezidenti  Hytaýyň CNPC kompaniýasynyň prezidentini kabul etdi
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) müdiriýetiniň agzasy, prezidenti Hou Siszýuny kabul etdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, duşuşygyň dowamynda hormatly Prezident hem-de HHR-niň iri korporasiýasynyň ýolbaşçysy bar bolan uly mümkinçilikleri nazara almak bilen, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar. Şunda nebitgaz ulgamyndaky türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyna aýratyn üns çekildi. Häzirki wagtda türkmen gazynyň Hytaýa iberilmegini üpjün edýän gaz geçirijisini gurmak boýunça amala aşyrylan bilelikdäki taslama bu hyzmatdaşlygyň miwesidir.

Taslama ähli gatnaşyjylaryň – önüm öndürijileriň, üstaşyr geçirijileriň hem-de sarp edijileriň bähbitlerini göz öňünde tutýan XXI asyryň bu ägirt uly taslamasy ählumumy durnukly ösüşiň möhüm şerti bolan sebit we dünýä energetika howpsuzlygynyň pugtalandyrylmagyna goşulan saldamly goşantdyr.

Hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow energiýa serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistanyň pudaga iň gowy dünýä tejribesini hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary çekmek arkaly milli ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmak strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirýändigini belledi.

Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň ýolbaşçysy döwlet Baştutanyna CNPC-niň ýurdumyzda alyp barýan işleri barada habar berdi. CNPC-niň «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çäkde uglewodorod ýataklaryny senagat taýdan özleşdirmäge hem-de dünýäniň iň iri gaz ýataklarynyň biri bolan «Galkynyş» gaz känini enjamlaşdyrmaga işjeň gatnaşmagy netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň anyk mysalydyr. Şeýle hyzmatdaşlygyň netijesinde, türkmen tebigy gazy Türkmenistan – Özbegistan – Gazagystan – Hytaý gaz geçirijisi boýunça Hytaý Halk Respublikasyna iberilýär. Şunda «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň ikinji tapgyry hem-de Türkmenistan – Hytaý gaz geçirijisiniň dördünji şahasyny gurmak babatda ýokary derejede gazanylan ylalaşyklaryň möhümdigi bellenildi.

CNPC-niň ýolbaşçysy hormatly Prezidente Lebap welaýatynda «Gadyn» gaz ýygnaýjy bekediniň 18-nji iýunda geçirilen açylyş dabarasyna gatnaşandygy üçin hem-de energetika ulgamynda döwletara gatnaşyklarynyň ösdürilmegine uly üns berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi. Bu ileri tutulýan ugurdaky hyzmatdaşlygyň iki ýurduň başlangyçlary – Hytaýyň öňe sürýän «Bir guşak — bir ýol» konsepsiýasy hem-de Türkmenistanyň Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek boýunça amala aşyrýan strategiýasy bilen baglylykda uly geljeginiň bardygy bellenildi.

Duşuşyga Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçen hem gatnaşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň