Soňky habarlar

Arhiw

«Bulgari» brendi goşar sagatlarynyň özboluşly tapgyryny öndürdi

17:4720.06.2022
0
3870
«Bulgari» brendi goşar sagatlarynyň özboluşly tapgyryny öndürdi
Surat: stoneforest.ru

Italiýanyň kaşaň bezeg önümlerini öndürýän «Bulgari» kompaniýasy «Amerigo Vespucci» atlandyrylan ajaýyp goşar sagatlarynyň çäklendirilen tapgyryny öndürdi. Bu tapgyr Italiýanyň adybir gämisine bagyşlanandyr. Bu özboluşly goşar sagatlarynyň esasynda Aluminum GMT durýar. Sagadyň siferblaty iki bölek bolup, ol gäminiň reňkerline çalymdaşdyr.

Sagat belliklerine we görkezijilerine örtülen Super-LumiNova düzümi bolsa «Bulgari Amerigo Vespucci» sagadynyň garaňkylykda agşamky asmanyň öwüşginini bermegine ýardam edýär. Sagadyň titan metalyndan taýýarlanan yzky daş ýüzüne bolsa «Nave Scuola Amerigo Vespucci» diýen ýazgy çaýylan. «Bulgari» brendi bu özboluşly sagatlaryň bary-ýogy 1000 sanysyny öndürdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň