Soňky habarlar

Arhiw

Döwlet çeperçilik akademiýasynda suratkeş Döwlet Akyýewiň grafiki işleriniň sergisi açyldy

20:3127.03.2015
0
14786

Döwlet Akyýew Türkmenistanyň belli grafikaçylarynyň biridir. Ol dürli kitaplaryň bezegi üçin köpsanly suratlary, grafiki işleriň tapgyryny döretdi.

D.Akyýewiň grafiki işleri suratkeşiň taryhy we edebi gözlegleri bilen baglanyşyklydyr. Oguz miflerindäki, “Görogly”, “Gorkut ata” ýaly, türkmen eposlaryndaky keşpler we äheňler, şeýle hem Wasiliý Ýanyň “Çingiz han” (2000), Jumgeldi Mülkiýewiň “Seljuklar” (2010), Osman Ödäýewiň “Altynjan hatyn” (2012), Öwez Gündogdyýewiň “Aziýanyň gerçekleri” (2012), Çingiz Aýtmatowyň “Ak gämi” (2012) kitaplarynyň bezeg işleri suratkeşiň özboluşly şahsy dünýägaraýşyny ýüze çykarýar.

Suratkeşiň işlerindäki gara bilen agyň sazlaşygy onuň grafikasynyň aýratynlygyny görkezýär. Döwlet Akyýewiň çeper oýlanmalarynda hemişe aýdyňlyk we anyklyk öňe çykýar. Onuň işlerinden suratkeşiň halypalaryň eserlerini ünsli öwrenendigini duýmak bolýar. Giňişligiň gurluşygy emele getirmekde hyýaly usullary ulanmak bilen, suratkeş onuň ynandyryjylygyny we çuňlugyny gazanýar. Netijede ölçegi babatda o diýen uly bolmadyk grafika diýseň düýpli esere öwrülýär.

Suratkeş Maryda dünýä inip, şol ýerde önüp-ösdi, ilki Türkmen döwlet çeperçilik uçilişesinde okady, soňra Döwlet çeperçilik akademiýasynda bilim aldy. Häzirki wagtda Aşgabatda ýaşaýar. Döwlet Akyýew “Güneş” žurnalynyň çeperçilik bölüminde işleýär we çeperçilik akademiýasynda grafikadan sapak berýär.

Portalymyzyň okyjylary zehinli suratkeş Döwlet Akyýewiň 2015-nji ýylyň apreliniň ortalaryna çenli dowam etjek şahsy sergisi bilen Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasyna baryp ýa-da biziň “fotoreportažlar” rubrikamyz arkaly tanşyp bilerler.       

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň