Soňky habarlar

Arhiw

Sloweniýanyň wekiliýeti Türkmenistanyň DIM-inde gepleşikleri geçirdi

07:1727.03.2015
0
3024

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde iş sapary bilen Aşgabada gelen Sloweniýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (hemişelik ýerleşýän ýeri Moskwa şäheri) Primož Şeligonyň ýolbaşçylygyndaky Sloweniýa Respublikasynyň wekiliýeti bilen gepleşikleri geçirildi. Bu barada DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2015-nji ýylyň birinji ýarymynda Sloweniýa Respublikasyna boljak resmi saparyna degişli guramaçylyk meseleleri, şeýle hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary babatda pikir alşyldy.

Taraplar öň gol çekilen şertnamalaryň we ylalaşyklaryň çäklerindäki anyk taslamalary amala aşyrmagyň wajypdygyny belläp, ykdysady we medni-gumanitar ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmäge ymtylýandyklaryny beýan etdiler.

Şeýle hem iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň, şol sanda halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda bolsa BMG-niň çäklerinde yzygiderli syýasy maslahatlaşmalaryň geçirilip durulmagynyň wajypdygy bellenildi.   

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň