Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Eýrandaky ilçihanasy haýyr-sahawat çäresine gatnaşdy

07:2417.06.2022
0
7144

2022-nji ýylyň 15-nji iýunynda Türkmenistanyň Tährandaky ilçihanasynyň hünärmenleri we olaryň maşgala agzalary Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrligi bilen Syýasy we halkara işler institutynyň bilelikde guramagynda geçirilen haýyr-sahawat çäresine gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berýär.

Haýyr-sahawat çäresinde el işleri, dürli geýimler we milli tagamlaryň görnüşleri tanyşdyryldy.

Bu çärä daşary ýurtly diplomatik wekilhanalaryň we Eýranda iş alyp barýan halkara guramalaryň işgärleri hem gatnaşdy. Çäreden alnan girdejiler haýyr-sahawat işlerine gönükdirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň