Türkmenistan ýaşajyk ermeni suratkeşleriniň gözi bilen

22:4026.03.2015
0
4154

Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky ilçihanasy ýurdumyzda yglan edilen Bitaraplyk we parahatçylyk ýylyna bagyşlap surat bäsleşigini gurady.

25-nji martda Milli akademiki opera we balet teatrynyň girelgesiniň öňündäki meýdançada Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Medeniýet günlerini açylmagy mynasybetli geçirilen bäsleşige 4-16 ýaş aralygyndaky ýaşajyk ermeni suratkeşleri öz işlerini hödürlediler.

Bäsleşik çagalarda, aýratyn-da, Genrih Igitýan adyndaky Milli estetika merkeziniň okuwçylarynda uly gyzyklanma döretdi. Olaryň žiwopis işlerinde türkmen halkynyň taryhy we medeniýeti, Türkmenistanyň arhitektura ýadygärlikleri, Aşgabadyň gözel ýerleri, dünýä belli ahalteke bedewleri we türkmen halylary öz beýanyny tapdy.

Guramaçylaryň aýtmaklaryna görä, bäsleşigiň esasy maksady dostlukly döwletiň çagalarynda we ýaşlarynda Türkmenistana bolan gyzyklanma döretmekden ybarat boldy we bu wezipä hötde gelindi. Çünki heniz biziň ýurdumyzda bolup görmedik ýaşajyk suratkeşleriň aglaba bölegi Garaşsyz Türkmen döwletine bagyşlanan kitaplar, internet-neşirler we suratly materiallar bilen tanyşdylar.

29-njy martda bäsleşigiň jemi jemlener. Oňa gatnaşanlaryň ählisine Bitaraplyk we parahatçylyk ýylynyň nyşany şekillendirilen ýadygärlik sowgatlary, ýeňijilere bolsa noutbuklar gowşurylar.      

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň