Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly elektron sportuň muşdaklary dünýä çempionatynyň saýlama ýaryşyna gatnaşmaga çagyrylýar

18:2615.06.2022
0
10434

Elektron sport boýunça Türkmenistanyň milli federasiýasy 14-nji dünýä çempionatyna taýýarlygyň çäklerinde milli saýlama ýaryşa ýüz tutmalaryň kabul edilýändigini habar berdi.

Saýlama ýaryşlar 1 ― 14-nji awgust aralygynda geçiriler. Oňa gatnaşmak üçin TMESF saýtynda 20 ― 25-nji iýun aralygynda hasaba alnyp bolýar. Hasaba alnyşyk toparlaryň sany 32-ä ýetende ýapylar. Ýaryşa Türkmenistanyň ýaşy 16-dan ýokary bolan islendik raýaty gatnaşyp biler.

Milli ýaryş Single Elimination BO1 onlaýn, iň güýçli 8 toparyň arasyndaky ýaryş bolsa Single Elimination BO3 offlaýn görnüşinde geçiriler.

Milli saýlama ýaryşyň ýeňijilerine şu ýyl Indoneziýada geçiriljek 14th IeSF World Esports Championships 2022-ä gatnaşmaga mümkinçilik dörediler.

Dünýä çempionatynyň baýrak gaznasy 500 müň dollara barabardyr. Oňa 120 döwletiň wekilleri Dota 2, Tekken 7, Counter-Strike: GlobalOffensive we eFootball tapgyry, PUBG Mobile и MobileLegends: Bang Bang oýunlary boýunça gatnaşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň