Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly ýetginjek agyr atletikaçylar Meksikadaky dünýä çempionatynda ýene bir kiçi medaly gazandylar

17:0115.06.2022
0
7279
Türkmenistanly ýetginjek agyr atletikaçylar Meksikadaky dünýä çempionatynda ýene bir kiçi medaly gazandylar

Türkmenistanly 16 ýaşly agyr atletikaçy Medine Amanowa şu günler Meksikanyň Lion şäherinde geçirilýän ýetginjekleriň arasyndaky dünýä çempionatynda kiçi bürünç medala mynasyp boldy.

59 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşan ildeşimiz ştangany silterläp galdyrmakda 83 kilogram agyrlygy eýgerdi. Şeýlelikde, ol bu görnüşde altyn medaly gazanan ekwadorly türgen Jessika Isabel Palasios Daýomesden 1 kilogramy az göterdi. Kümüş medalyň eýesi kolumbiýaly Dubaneý Sinisterra Angulo bilen bolsa deň netije görkezdi.

Medine Amanowanyň ştangany itekläp götermekdäki synanyşyklary başa barmady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň