Arhiw

Serdar Berdimuhamedow bilen Ebrahim Raisiniň arasynda gepleşikler geçirildi

12:4015.06.2022
0
4134

Şu gün Eýran Yslam Respublikasyna ilkinji resmi saparyny amala aşyrýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Prezident Seýed Ebrahim Raisi bilen duşuşdy. «Saadabad» toplumynyň «Jumhuri» köşgüniň öňündäki meýdançada belent mertebeli türkmen myhmanyny resmi garşylamak dabarasyndan soňra, iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirildi.

«Türkmenistan» gazetiniň habar bermegine görä, köşgüň ikiçäk duşuşyklar zalynda açyklyk, birek-birege düşünişmek hem-de özara ynanyşmak ýagdaýynda geçirilen gepleşikleriň dowamynda däp bolan türkmen-eýran gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmak bilen bagly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Soňra gepleşikler iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňeldilen düzümde dowam etdi.

Türkmenistanyň hem-de Eýranyň döwlet Baştutanlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri, özara gyzyklanma bildirilýän sebit hem-de halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri babatda pikir alyşdylar. Daşary syýasat, ilkinji nobatda, sebit howpsuzlygyny we durnuklylygyny pugtalandyrmak, iri halkara guramalaryň çäklerindäki özara hereketleri işjeňleşdirmek, serhet ulgamy, Hazar boýunça köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy anyk ugurlar bilen baýlaşdyrmak, taraplaryň owgan meselesine çemeleşmeleri, oba hojalygy we suw pudagy boýunça bar bolan mümkinçiliklerden peýdalanmak, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmek bilen bagly meseleler ýokary derejeli türkmen-eýran gepleşikleriniň esasyny düzdi.

Şunda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmak, hususan-da, ýurtlaryň ulag mümkinçiliklerini işjeň herekete getirmek, özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak ugrunda tagalla etmek, elektrik energiýasynyň üçünji ýurtlara iberilmegini ýola goýmak ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezident türkmen-eýran ykdysady gatnaşyklaryny has-da ösdürmek bilen bagly anyk teklipleriň birnäçesini öňe sürdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň