Soňky habarlar

Arhiw

AFK taryhynda ilkinji gezek dünýä çempionatyna alty ýygyndy bilen gatnaşýar

11:1815.06.2022
0
10603

Katar ― 2022 futbol boýunça dünýä çempionatlarynyň taryhynda eýýäm täze sahypalary ýazmaga başlady. Şol sahypalaryň biri hem Aziýanyň Futbol kondeferasiýasy bilen baglydyr.

Biziň yklymymyz mundialyň taryhynda ilkinji gezek oňa alty ýygyndy bilen gatnaşar. Has takygy, ýer eýesi ― Kataryň ýygyndysyndan başga-da, Eýranyň, Saud Arabystanynyň, Koreýa Respublikasynyň, Ýaponiýanyň we Awstraliýanyň ýygyndylary dünýä çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Dünýä çempionatyna gatnaşyjylaryň 8 toparça bölünendigini ýatladýarys. Aziýanyň ýygyndylaryndan Katar «A», Eýran «B», Saud Arabystany «C», Awstraliýa «D», Ýaponiýa «E», Koreýa Respublikasy bolsa «H» toparça wekilçilik edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň