«Türkmenistan: Sport» «Tenerife» ― «Žirona» duşuşygyny göni ýaýlymda alyp görkezer

11:0815.06.2022
1
2893

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy Ispaniýanyň Segunda ligasynyň «Tenerife» bilen «Žirona» toparlarynyň arasynda boljak pleý-off duşuşygyny göni ýaýlymda alyp görkezer.

Duşuşyk 19-njy iýun güni 23:55-de başlanar. Bu ― jogap duşuşygydyr. Žirona şäherinde geçirilen ilkinji oýunda hasap açylmandy.

2021/22-nji ýyllaryň möwsümini «Žirona» altynjy orunda tamamlady. «Tenerife» bolsa bäşinji orny eýeledi. Pleý-offuň ýarym finalynda «Žirona» «Eýbary», «Tenerife» bolsa «Las-Palmasy» ýeňdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň