Soňky habarlar

Arhiw

Tähranda Serdar Berdimuhamedowy resmi garşylamak dabarasy geçirildi

10:0215.06.2022
0
4311

Şu gün Eýran Yslam Respublikasynyň paýtagty Tähran şäherinde düýn bu ýurda resmi sapar bilen baran Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy garşylamak dabarasy boldy. Bu barada IRNA habar berýär.

«Saadabat» kabul ediş toplumynda geçirilen ýokary derejedäki dabara Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi gatnaşdy.

Dabaranyň dowamynda iki ýurduň Döwlet senalary ýaňlandy. Soňra Prezidentler iki ýurduň resmi wekilleri bilen tanyşdylar.

Habar berlişi ýaly, häzir iki ýurduň Prezidentleriniň ikiçäk duşuşygy geçirilýär. Duşuşykdan soňra giňeldilen düzümdäki türkmen-eýran gepleşikleri geçiriler. Onuň netijeleri boýunça bolsa resminamalaryň toplumyna gol çekiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň