Arhiw

Aziýanyň kubogy ― 2023-e gatnaşjak ýygyndylaryň ählisi kesgitlenildi

10:0915.06.2022
0
9937

Geçirilen üçünji saýlama tapgyrynyň duşuşyklaryndan soňra Aziýanyň kubogy ― 2023-e gatnaşjak 24 milli ýygyndy hem mälim boldy.

Nobatdaky saýlama duşuşyklaryň netijesinde Iordaniýanyň, Indoneziýanyň, Palestinanyň, Özbegistanyň, Tailandyň, Hindistanyň, Gonkongyň, Bahreýniň, Malaýziýanyň, Täjigistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň ýygyndylary yklym ýaryşyna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Mundan ozal Eýranyň, Koreýa Respublikasynyň, BAE-niň, Liwanyň, Yragyň, Siriýanyň, Saud Arabystanynyň, Ýaponiýanyň, Awstraliýanyň, Omanyň, Wýetnamyň, Hytaýyň we Kataryň ýygyndylary yklym ýaryşyndaky ýerini berkidip goýupdylar.

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň ýaryşa gatnaşmaga hukuk gazanyp bilmändigini ýatladýarys.

Aziýanyň kubogy ― 2023-iň geçiriljek ýeri AFK-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň şu ýylyň 17-nji oktýabrynda boljak mejlisinde kesgitleniler.

24 ýygyndy 6 toparçada ýaryşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň