Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşlar baradaky kanuny kämilleşdirmek boýunça maslahat geçirdi

22:0914.06.2022
0
9185
Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşlar baradaky kanuny kämilleşdirmek boýunça maslahat geçirdi
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Maslahat merkezinde ýaşlaryň gatnaşmagynda döwlet ýaşlar syýasatynyň, bu ulgamda milli kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň ileri tutulýan meselelerine bagyşlanan maslahat geçirdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlara ýüzlenip, şu gün örän möhüm ähmiýetli Ýaşlar hakyndaky Kanunyň taslamasyna seretmek üçin ýygnanyşylandygyny habar berdi.

Maslahatyň dowamynda çykyşlar edildi. Gurbanguly Berdimuhamedow maslahatyň dowamynda söz sözläp, Ýaşlar bilen bagly kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça birnäçe teklipleri öňe sürdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň