Türkmenistan Berlindäki sergä gatnaşar, Aşgabatda Miyagi & Andy Pandanyň wideokonserti geçiriler, «Galkynysh Esports» CS:GO boýunça Türkmenistanyň Kubogyna eýe boldy we beýleki habarlar

10:2714.06.2022
0
7784

1. Germaniýa bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli Berlinde «Sepgitler» atly sergi açyldy. Sergide Merkezi Aziýa sebitiniň bäş döwleti: Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan öz diwarlyklaryny ýerleşdirdiler.

2. Aşgabatda geçen ýylyň oktýabr aýynda başlanan hukukçy mugallymlar hem-de Magtymguly adyndaky TDU-nyň, Türkmenistanyň DIM-niň HGI-niň we Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň ugurdaş hünärleriniň 4-5-nji ýyl talyplary üçin niýetlenen halkara maýa goýum arbitražy boýunça ýörite okuw sapaklary tamamlandy.

3. 26-njy iýunda Aşgabatda ýerleşýän «Türkmenistan» kinokonsert merkezinde Miyagi & Andy Pandanyň wideokonserti geçiriler. Konsert barada doly maglumat almak üçin telefonlar: +993 63 791161; +993 63 791171.

4. 19-njy iýunda Aşgabatda «Ertekiler ýurduna syýahat» atly Disneý şou geçiriler. Myhmanlara döredijilik ussatlarynyň çykyşlary, sabyn köpürjikli şüweleň, ertekiler dünýäsinde fotosurata düşmek, bäsleşiker, sowgatlar we akwagrim garaşýar. Petekleri almak üçin aşakdaky telefon belgileri bilen habarlaşyp bilersiňiz: +993 61 060606; 494928.

5. 2023-nji ýylyň 1-nji martyndan Russiýada birnäçe agyr we aýratyn agyr jenaýatlary üçin kazyýet jogapkärçiligine çekilip, aklanmadyk şahslara taksi, awtobus, tramwaý, trolleýbus we ýolagçy hem-de ýük daşamaga niýetlenen ulaglaryň sürüjisi bolmagy gadagan edýän kanun güýje girer.

6. Beýik Britaniýanyň şa zenany Ýelizaweta II taryhdaky iň uzak ýurdy dolandyran monarhlaryň sanawynda ikinji orna geçdi. Ol 1927-2016-njy ýyllarda 70 ýyl 126 gün ýurdy dolandyran Tailandyň koroly Rama IX-dan öňe saýlandy.

7. Aşgabadyň «Galkynysh Esports» topary «Counter-Strike: Global Offensive» kompýuter oýny boýunça Türkmenistanyň Kubogynyň eýesi boldy. Finalda «Galkynysh Esports» topary «Garagum» toparyny 3:0 hasabynda ýeňdi.

8. Leonda (Meksika) 2005-nji ýylda doglan türgenleriň arasynda geçirilýän agyr atletika boýunça dünýäniň birinjiligi ugrundaky çempionatda Türkmenistanyň ýygyndy topary kiçi kümüş medaly öz hasabyna ýazdyrdy. Ony «Olimp» sport mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy Perhat Bagtyýarow 55 kg çenli agram derejede silterläp götermekde gazandy.

9. Malaýziýanyň «Astro Arena HD» teleýaýlymy Aziýanyň Kubogy-2023 çempionatyna gatnaşmak üçin Kuala-Lumpuryň «Bukit Jalil» stadionynda Türkmenistanyň we Bahreýniň arasynda geçiriljek saýlama duşuşygyny göni ýaýlymda görkezer. Duşuşyk 14-nji iýund Aşgabat wagty bilen sagat 14:15-de başlanar.

10. Dünýä näme üçin ýaradylypdyr? Plombir iýmek üçin! Biz doňdurma barada we onuň mahabatlardaky orny barada iň gyzykly maglumatlary topladyk.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň