Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedowyň Arabystana boljak resmi saparyna taýýarlyk görülýär

20:2813.06.2022
0
11227

Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Saud Arabystany Patyşalygynyň daşary işler ministri Faýsal bin Farhan Al Saud bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berýär.

Gepleşikleriň barşynda Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy saud tarapyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň umra hajyny berjaý etmegi üçin Saud Arabystany Patyşalygyna iki günlük saparynyň ýokary dereje gurnalandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Söhbetdeşler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gidişini we ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, dürli ugurlardaky türkmen-saud gatnaşyklarynyň berkidilmegi üçin bilelikdäki hereketleriň takyk meýilnamasy kesgitlenildi.

Meseleleriň giň gerimi boýunça ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeleriň geçirilmegi üçin iýun aýynyň ahyryna çenli Saud Arabystanynyň DIM-niň ýolbaşçysynyň orunbasarynyň Türkmenistana saparyny gurnamak barada ylalaşyk gazanyldy. Şeýle hem şu ýylyň ikinji ýarymynda Er-Riýadda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-saud toparynyň nobatdaky mejlisini geçirmek barada ylalaşyldy.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda bu çäreleriň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Saud Arabystany Patyşalygyna amala aşyrjak resmi saparyna taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly geçiriljekdigi bellenildi.

Habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti şu aýyň başynda Saud Arabystany Patyşalygyna zyýarat saparyny amala aşyryp, umra haj däp-dessurlaryny berjaý etdi. Şeýle-de türkmen Lideri 10-njy iýunda Russiýa Federasiýasyna resmi saparyny amala aşyrdy. Ýakyn günlerde bolsa Eýran Yslam Respublikasynda iki günlük saparda bolmagyna garaşylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň