Soňky habarlar

Arhiw

2021-nji ýylda türkmen-eýran söwda dolanyşygy 300 million dollar boldy

22:1713.06.2022
0
1696

Geçen ýylyň jemleri boýunça türkmen-eýran söwda dolanyşygynyň mukdary 299 million 728 müň 535 dollar bolup, şunda harytlaryň agramy 1 million 14 müň 474 tonna deň boldy. Bu görkeziji 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende, söwda dolanyşygynyň 79% ýokarlanandygyny görkezýär – diýip, IRNA habarlar agentligi Eýran Yslam Respublikasynyň Gümrük gullugynyň maglumatlaryna salgylanyp habar berýär.

Eýrandan Türkmenistana eksport edilen harytlaryň arasynda gök önümler, guradylan miweler, azyk önümleri, hojalyk tehnikalary, arassaçylyk serişdeleri we başga-da köp sanly nebit däl önümler bar.

Habar berşimiz ýaly, ýakyn wagtda Türkmenistanyň Prezidenti Tähran şäherine iki günlük saparyny amala aşyrar. Onuň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek meselelerine bagyşlanan ýokary derejedäki türkmen-eýran gepleşikleri geçiriler.

Şeýle-de, okaň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň